+993 63 609222
Logo
TM
TM
EN
RU
  • Täzelikler we arzanladyşlar
  • Hyzmatlar
  • Ygtybarlylyk programmasy
  • Kompaniýa hakda
  • Ýörite çykýan hyzmat
  • Mobil programma
  • Habarlaşmak üçin
  • Töleg
Logo
TM
TM
RU
EN

Gizlinlik syýasaty

Şu gizlinlik syýasaty “MAÝAM” programmasynyň (mundan beýläk “Programma” atlandyrylýar) ulanyjy barada maglumatlary nädip alýandygyny, saklaýandygyny we ulanýandygyny düşündirýär.

1.  UMUMY DÜZGÜNLER
1.1.  Programmanyň ulanyjysy barada maglumatlary ýygnamak, saklamak, paýlamak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar şu Syýasat, “MAÝAM” guramasynyň beýleki resminamalary (mundan beýläk “Gurama” atlandyrylýar) we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.1.2.  Programmany ulanmak ulanyjynyň şu Gizlinlik syýasatyna razylygyny aňladýar. Şu Gizlinlik syýasaty bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, ulanyjy Programmany ulanmagy bes etmelidir.

2.  PROGRAMMA HAKYNDA
2.1.  Programma ulanyja Gurama bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän programma bolup durýar. Gurama bilen özara gatnaşyk şu aşakdaky amallardan ybarat bolup biler: Guramanyň hyzmatlary, Guramanyň kabul ediş nokatlarynyň ýerleşýän ýeri, Guramada ulanyjynyň eden sargytlarynyň sany we ýagdaýy, Programma we beýleki amallar arkaly sargytlary tölemek barada maglumat almak.

3.  HAÝSY MAGLUMATLARY ALYP BOLÝAR. MAGLUMATLARY ALMAGYŇ USULLARY
3.1.  Ulanmagyň dowamynda Programma ulanyjy barada şu aşakdaky maglumatlary alyp we saklap biler: familiýa, ady, atasynyň ady, telefon belgisi, elektron poçta salgysy, ulanyjynyň ýaşaýan ýeri, jynsy, doglan senesi, geolokasiýa funksiýasy açyk bolsa, enjamyň ýerleşýän ýeri, Guramada ulanyjynyň eden sargytlaryň sany we bahasy.
3.2.  Programma bank kartoçkasy bilen tölemek funksiýasyny üpjün eden hem bolsa, Programma kartoçkanyň soňky dört belgisinden başga bank kartoçkasy barada maglumat saklamaýar.
3.3.  Ähli ýokarda agzalan maglumatlar Programmada hasaba alnanda, ulanyjynyň özi tarapyndan açyk girizmek, hasaba alnandan soň maglumatlaryny girizmek, şeýle hem Programma Guramanyň serwerine birikdirilende, Guramanyň maglumatlar binýadyndan Programma maglumat girizmek arkaly Programma girýär. 

4.  MAGLUMATLARY ÝYGNAMAGYŇ WE SAKLAMAGYŇ MAKSATLARY. MAGLUMATLARY GEÇIRMEK WE ÝOK ETMEK
4.1.  3.1-nji bendinde görkezilen ulanyjy maglumatlary Gurama hilli hyzmatlary etmek, Gurama we ulanyjy arasynda aragatnaşyk gurmak we marketing maksatlary üçin zerurdyr.
4.2.  Ulanyjynyň şahsy maglumatlary hiç hili şertlerde üçünji taraplara geçirilmez, muňa hereket edýän kanunçylygy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýagdaýlar ýa-da şahsy maglumatlaryň subýekti tarapyndan raýat-hukuk şertnamasy boýunça ýerine ýetirmek üçin maglumatlaryň üçünji şahsa berilmegine Operatora razylyk beren ýagdaýlar degişli däldir.
4.3.  Programmadan şahsy maglumatlaryň üçünji taraplara syzmak ähtimallygy diňe öýjükli telefon ýitirilen ýagdaýynda mümkindir.
4.4.  Ulanyjynyň şahsy maglumatlary şu aşakdaky ýagdaýlarda ýok edilýär:-  Ulanyjy Programmadan maglumatlaryny özbaşdak ýok edende;-  Programma telefondan öçürilende;-  Guramanyň maglumatlar binýadyndan ulanyjy barada maglumat öçürilende.

5.  JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
5.1.  Şu Gizlinlik syýasaty bilen baglanyşykly ýüz tutmalara, şol sanda ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ulanmak baradaky haýyşlaryna Gurama admin@mayam.co elektron salgysy boýunça garaýar. 
5.2.  Ulanyjylaryň Guramanyň salgysyna iberen ähli hat alyşmalary Gurama tarapyndan elýeterliligi çäklendirilen maglumatlar hökmünde kabul edilýär we diňe Ulanyjynyň ýazmaça razyçylygy bilen çap edilip bilner we salgylar, bu hatlary iberen ulanyjylar barada şahsy maglumatlar we beýleki maglumatlar diňe alnan hata jogap bermek üçin ulanylýar we ulanyjynyň ýörite razylygy bolmazdan, başgaça görnüşde ulanylyp bilinmez.
5.3.  Gurama ahyrky ulanyjylara hökmany habar bermezden, şu Gizlinlik syýasatyny üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. 

Logo
  • Täzelikler we arzanladyşlar
  • Hyzmatlar
  • Ygtybarlylyk programmasy
  • Kompaniýa hakda
  • Biziň artykmaçlyklarymyz
  • Biznes üçin himiýa arassalaýyş
  • Ýörite çykýan hyzmat
  • Mobil programma
  • Habarlaşmak üçin
  • Töleg
Ýazylşyň
© 2025 Ähli hukuklar goralan
  • Ulanyjy ylalaşygy
  • Hil syýasaty
  • Gizlinlik syýasaty
  • Sahypanyň dizaýny we taýýarlanyşy Agbis tarapyndan
Logo
  • Täzelikler we arzanladyşlar
  • Hyzmatlar
  • Ygtybarlylyk programmasy
  • Kompaniýa hakda
  • Ýörite çykýan hyzmat
  • Mobil programma
  • Habarlaşmak üçin
  • Töleg
Arza iberiň
Arzaňyz üçin sag boluň
Operatorymyz ýakyn wagtda ähli jikme-jiklikleri anyklamak üçin siziň bilen habarlaşar